Hindistanyň günbatar kenarynda megaport gurlar

«Spalsh» tarapyndan berlen habarda hindi hökümetiniň ýurduň günbatar kenarynda, Mumbaý şäherinden 125 km uzaklykda portuň gurluşygyna başlajakdygy aýdylýar. Wadhawan port taslamasynyň bahasynyň 9,1 milliard dollar boljakdygy çaklanylýar.

Gurluşygyň birinji tapgyrynyň 2029-njy ýyla çenli tamamlanmagyna garaşylýar. Portuň gurluşygy 74 %-lik paýa eýe boljak Jawaharlal Neru Port dolandyryşynyň (Nawa-Şewa portunyň resmi ady) we Maharaştra Deňiz geňeşiniň (Hindistanda bir ştat) bilelikdäki kärhanasy tarapyndan durmuşa geçiriler.

Portuň çäginde dokuz konteýner terminalynyň, dört uniwersal gämi duralgasynyň, suwuk ýükleri dolandyrmak üçin niýetlenen gämi duralgalarynyň dördüsiniň, ro-ro gämileri üçin duralgalaryň hem-de kenarýaka gorag gämileriniň gurluşygyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Wadhawan portunyň geçirijilik kuwwaty bir ýyl üçin 298 million tonna, konteýner dolanyşygy 2035-nji ýyla çenli 15 million TEU, 2040-njy ýyla çenli bolsa 23,2 million TEU bolar.

Hindistanyň hökümeti Wadhawan portunyň Hindistan, Ýakyn Gündogar bilen Ýewropanyň arasyndaky geçelgäniň möhüm halkasyna we dünýäniň iň uly 10 portunyň birine öwrülmegine garaşýar.