Anna güni, birža söwdalarynda nebit-himiýa hem-de oba hojalyk önümleri uly islege eýe boldy

Anna güni, 21-nji iýunda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Serbiýa döwletiniň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden guradylan arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklaryny, içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 950 000,00 manada, 337 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.