Pakistan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesine goşulmak isleýär
Pakistan «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesi boýunça taslama goşulmaga taýýar. «TASS» tarapyndan berlen habarda bu baradaRespublikanyň Russiýadaky ilçisi Muhammet Halid Jamaliniň Hanty-Mansiýskde geçirilen Halkara IT forumynda eden çykyşynda aýdandygy tassyklanylýar. Munuň özi Russiýanyň dünýä okeanlaryna girmek mümkinçiligini giňelder, taslamany öňe süren taraplaryň biri bolan Hindistan üçin bolsa harytlaryny Merkezi Aziýa, Kawkaz ýurtlaryna hem-de Ýewropa eltmek boýunça alternatiw mümkinçilikleri döreder.
«Bileleşik döwletleriniň geňeşinde eden çykyşynda Prezident Wladimir Putin Pakistany halkara ulag geçelgesine [Demirgazyk — Günorta] goşulmaga çagyrdy. Pakistan bolsa Halkara ulag geçelgesine goşulmaga razylygyny beýan etdi we bu işiň degişli tapgyrlaryna başlady diýen ýaly. Biz şol ugur boýunça hereket edýäris» — diýip, Muhammet Halid Jamali belledi.
Ilçi Pakistanyň hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugruny gaýtadan dikeltmek isleýändigini aýtdy. «Biz taryhy ýüpek ýoluny gaýtadan galkyndyrmaga synanyşýarys. Pakistanyň sitrus miweleriniň ilkinji tapgyry Eýranyň we Azerbaýjanyň üsti bilen Dagystana geldi. Bu täze söwda ýoly eýýäm 1 milliard dollara ýeten söwda möçberini has-da artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar» — diýip, ilçi aýtdy.