Germaniýada maliýe kynçylyklaryna sezewar bolýan ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň sany artýar
Germaniýanyň Federal statistika gullugynyň habaryna görä, ýanwar aýynda korporatiw bankrotlaryň sany 27,6 %-den gowrak ýokarlandy we bu görkeziji fewral hem maý aýlarynda-da artmagyny dowam etdirdi. Germaniýanyň Arbitraž dolandyryş assosiasiýasy (VID) heniz maliýe çökgünliginiň tolkuny barada belli bir maglumat aýdyp bolmasa-da, ulag pudagynda bu tendensiýany äsgermezlik edip bolmajakdygy tassyklaýar.
Logistika we ulag federal assosiasiýasy (BLV-pro) ýakynda ulag pudagynyň bankrotlaryň ep-esli ýokarlanjakdygyny duýdurdy. Häzirki ykdysady we geosyýasy kynçylyklaryň täsirine sezewar bolan kompaniýalar agyr çözgütler bilen ýüzbe-ýüz galdylar. Olar täze hakykatlara uýgunlaşmaga mejbur bolýarlar.
Birleşme pudagyň işgärleriniň maglumatlaryna salgylanyp, likwidligiň ýoklugy sebäpli töleg çykdajylarynyň takmynan üçden biriniň şertnama boýunça tölenip bilinmejekdigini we töleg kynçylyklary bilen baglylykda, öňdebaryjy ätiýaçlandyryjylaryň hem müşderileri bilen hyzmatdaşlygy togtatmaly boljakdyglaryny çaklaýar.