25-nji iýunda Aşgabatda Türkmen-emirlikler işewürlik maslahaty geçiriler
25-nji iýunda Aşgabatda «Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri» işewürler maslahaty geçiriler. Oňa energetika, sanly tehnologiýalar, söwda, oba hojalyk we azyk senagaty, gurluşyk hem-de syýahatçylyk ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün — 21-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýewiň Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça bu işewürler maslahatyny geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri hakyndaky hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, forumyň barşynda söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Tejribe alyşmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklary guramak hem meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini, bu ugurda geçirilýän sergileriň we işewürlik maslahatlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam edýändigini kanagatlanma bilen belläp, wise-premýer B.Atdaýewe «Türkmenistan – Birleşen Arap Emirlikleri» işewürler maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.