Pariždäki Notr-Dam-de-Pari ybadathanasy dekabr aýynda jemagat üçin açylar
Fransiýanyň paýtagtynyň merkezindäki Notr-Dam-de-Pari katolik ybadathanasy şu ýylyň dekabr aýynda jemagat üçin açylar diýip, Euronews habar berýär.
Bäş ýyl mundan ozal bu ybadathanany ot aldy, ýangyn agaç üçegiň aglaba bölegini ýok etdi. Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ybadathananyň bellenen möhletlerde dikeldiljekdigine söz berdi.
Fransuz döwlet işgärleriniň aýtmagyna görä, Notr-Dam-de-Pari ybadathanasynda abatlaýyş işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Daş diwarlar we mermer düşelen pollar öňki katdyna getirildi.
Sişenbe güni 33 metr beýiklikde, ybadathananyň gümmezinde tamamlaýjy işler ýerine ýetirildi.
“Eli bäbekli Bibi Merýem” atly surat eseri öňki ýerine ýerleşdirildi.
Notr-Dam-de-Pari ybadathanasy orta asyr Pariž şäheriniň nyşany, gotika binagärliginiň ykrar edilen ajaýyp nusgasydyr. Ýangyndan ozal Notr-Dam-de-Pari ybadathanasy örän gelim-gidimli ýerdi. Köpler munuň üçin ýekşenbe günleri ýörite Pariže gelýärdiler.