Gandbol boýunça ýaşlar ýygyndy toparlaryň arasynda gandbol ýaryşy Gazagystanda başlaýar

Türkmenistanyň gandbol boýunça ýaşlar hem ýetginjekler (U20 we U18) ýygyndy toparlary 22 — 26-njy iýun aralygynda Almaty şäherinde geçýän (Gazagystan Respublikasy) Halkara Gandbol federasiýasynyň Merkezi Aziýa sebiti boýunça erkekleriň arasyndaky Kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryşyna gatnaşýarlar. Bu barada "SalamNews" onlaýn neşiri habar berdi.

Bu ýaryşa Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň hem Täjigistanyň ýygyndy toparlaryndan başga-da, Mongoliýanyň we Pakistanyň ýaşlarydyr ýetginjekleri gatnaşarlar. 

«IHF Men Trophy 2024» atly ýaryşa ýurdumyzyň ýaşlar (U20) topary hem, ýetginjekler ýygyndysy-da wekilçilik edýär. Ýaşlar ýygyndymyzy bu ýaryşa Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 12-nji sport mekdebiniň tälimçisi Baýramgeldi Çulumbaýew taýýarlady. Ýetginjekler ýygyndymyzy bolsa şol mekdebiň tälimçi-mugallymy Nurgözel Öwezowa türgenleşdirýär.