BMGÖM sanly integrasiýa boýunça 100 günlük global maslahatyň çäginde ýaşlar çäresini geçirdi

BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda geçirilen ýaşlar çäresi talyplara üýtgeýän sanly landşaft barada öz garaýyşlaryny we isleglerini beýan etmek üçin platforma döretdi. SalamNews onlaýn neşiriniň habar bermegine görä, BMGÖM-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen bilelikde sanly integrasiýa boýunça 100 günlük global maslahatyň çäginde geçirildi.

Çäräniň dowamynda talyplar BMGÖM-niň sanly üýtgeşmeleri öňe sürmek ugrundaky global tagallalary bilen tanyşdylar we Singapurda BMGÖM Global Tehnologiýa, Innowasiýa we Durnukly Ösüş Merkeziniň Sanly üýtgeşme geňeşçisi, jenap Geri Çýu tarapyndan hödürlenen «Sanly goşma gollanmasyny» öwrenmek arkaly global geljege göz ýetirdiler.

Tanyşdyryşlardan soň bolsa çärä gatnaşyjylar sanly üýtgeşmeler we ýerli jemgyýetlere goşulmak bilen baglanyşykly kynçylyklary hem-de mümkinçilikleri öwrenmek üçin toparlaýyn seljermelere gatnaşdylar. Bu global çekişmeleriň sanly deňsizligi aradan aýyrmaga, ýaşlara giň mümkinçilikler açmaga, gender deňligini öňe sürmäge we dünýä üçin sanly geljegi gurmak strategiýalaryny işläp düzmäge kömek etmegine garaşylýar.