Halkara ýoga güni mynasybetli dabara geçirildi

 

21-nji iýunda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Halkara ýoga güni mynasybetli dabara guralyp, onuň çäklerinde açyk asmanyň astynda ýoga maşklary ýerine ýetirildi. Hindistanyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guralan çäräniň başynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Akmyradowiç Mämmedow hem-de Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, doktor Madhumita Hazarika Bhagat çykyş etdi.

Halkara sene mynasybetli gutlaglar bilen birlikde, ýoganyň ynsan bedeni we ruhy üçin peýdasy hakynda aýdyldy. Ir säher bilen ýoga söýüjiler daşky dünýä bilen sazlaşygy aňladýan maşklary ýerine ýetirdiler.

Bu halkara senäni bellemek başlangyjy Hindistan tarapyndan 2014-nji ýylda öňe sürlüpdi we 175 döwlet tarapyndan goldanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň şol ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden çözgüdi bilen her ýylyň 21-nji iýuny Halkara ýoga güni diýlip yglan edildi.