Balkan hünärmenleri kärhananyň kadaly işlemegine uly goşant goşýarlar
Günbatar sebitiň Uly Balkan dagynyň alkymynda aýratyn bir şäherçäni ýada salyp oturan uly zawodyň işçileridir hünärmenleri tutanýerli zähmet çekip, belent maksatly işlere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" web sahypasy habar berdi.
Kärhananyň karýer hojalygyndan başlap, çig maly owradyjy, üweýji, bişiriji bölümlerinde, şol sanda sement degirmenlerinde üznüksiz işleriň ähli tapgyrlary awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Şeýle-de awtoulag, mehanika, energetika, awtomatika bölümleriniň hem-de dolandyryş merkeziniň işleri kompýuterler arkaly sazlaşykly ýola goýlup, bökdençsiz üpjün edilýär. Öndürilýän ýokary hilli önümler bolsa welaýatyň we ýurduň çägindäki sarp edijilere buýurmalar esasynda yzygiderli ugradylýar.
Şu ýylyň geçen döwründe hem olara 311 müň 400 tonnadan gowrak ýokary hilli sement iberildi. Ýeri gelende aýtsak, sement öndürmek we gurluşyk senagatyny ösdürmek üçin zerur bolan çig mallar gürrüňi edilýän zawodyň golaýynda ýerleşýän dag-magdan käninden gazylyp alynýar. Munuň özi, dünýäniň hil ülňülerine laýyk gelýän sement önümçiligini gysga wagtda çalt depginlerde giňden guramaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de möhüm gurluşyk serişdesiniň özüne düşýän gymmatyny peseldip, geçginli, islegli haryda öwrülmegini şertlendirýär.