Daşky gurşawy goraýjylar ýol tölegleriniň artdyrmagy teklip edýärler: Munuň zyňyndylaryň meselesini çözmegine garaşylýar
Niderlandlaryň awtoulag ýollarynda 2026-njy ýyldan ulaglaryň hereketi üçin ýygymlary artdyrmak meýilleşdirilýär. Her bir kilometr üçin ortaça 15 sent bellemek meýilleşdirilipdi, ýöne daşky gurşawy goraýjylar bu görkezijini iki esse — 30 sente çenli ýokarlandyrmagy teklip edýärler. Olaryň pikiriçe, bu ýük daşaýjylara täsir eder we sürüjileri atmosfera zyňyndylaryny gözegçilikde saklamaga mejbur eder.
Teklip «Natuur & Milieu» daşky gurşaw guramasy tarapyndan berildi. Guramanyň wekilleri tölegleriň ýokarlanmagynyň daşaýjylary ýük awtoulaglarynyň parkyny ulanmak baradaky meýilnamalaryna täzeden garamaga we artykmaç hereketleri azaltmaga mejbur etjekdigine ynanýarlar. Ýokary töleg ekologiýa meselelerini has netijeli meýilleşdirmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa daşky gurşawa oňyn täsir eder.
Bu pikirlerini goramak üçin kompaniýanyň wekilleri Germaniýany mysal getirýärler. Bu ýurtda 2023-nji ýylyň ahyrynda awtoulag ýollarynyň tölegleri her bir kilometr üçin 35 sent boldy.
Ulag kompaniýalary daşky gurşawy goraýjylaryň aýdanlaryna jogap edip, artykmaç awtoulag hereketleriniň bu pudakda umumy mesele bolandygyny tassyklaýarlar. Ony diňe nyrhlary köpeltmek arkaly çözmek mümkin bolmaz. Bu işe toplumlaýyn çemeleşmek zerurdyr.