Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasy gowşuryldy

1-nji iýunda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri (ÝHHG) Türkmenbaşynyň halkara portuna EcoPort şahadatnamasyny gowşurdylar.

Şahadatnama ÝHHG-nyň «Hazar sebitinde ýaşyl portlaryň we ulag aragatnaşyklarynyň ösdürilmegi» taslamasynyň çäklerinde berildi. Ol Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň portlarynyň arasynda maglumat alşygyny ýeňilleşdirmek üçin sanly platformanyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Bu ulgam öz gezeginde, Ýewropanyň iri we häzirki zaman portlaryna birikdiriler.

 

 

Taslama bar bolan mümkinçilikler göz öňünde tutulyp, Hazar sebitiniň döwletleri bilen ulag we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ÝHHG we käbir ýewropa ýurtlary tarapyndan goldanylýar.

 

 

Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň EcoPort şahadatnamasyna eýe bolmagy oňa Ýewropanyň ulag ulgamyna integrirlenen ýaşyl port derejesini berer. Bu bolsa, öz gezeginde, türkmen porty üçin täze mümkinçilikleri açar, şeýle hem Türkmenistanyň çägi arkaly ýük daşamalarynyň netijeliligini we tizligini ýokarlandyrar.