Hereket etmek – garrylykdan goranmagyň esasy usuly
Rus alymlary bedeniň we daşky görnüşiň ýaşlygyny gazanmaga we ömri uzaltmaga kömek edýän zatlar barada öz pikirlerini paýlaşdylar. Hünärmenleriň biri, akademik Piradow häzirki wagtda intensiw garramagy haýallatmagyň we uzak ömre eýe bolmagyň iki ýolunyň bardygyny aýtdy. Hususan-da, hereketi – köp görnüşdäki fiziki işjeňligi garrylykdan goranmagyň elýeterli usuly hökmünde häsiýetlendirdi.
«Geroprotektiki, ýagny garramakdan goraýan usullaryň ikisi bar: fiziki maşklar we kaloriýa mukdaryny azaltmak» – diýip, Mihail Piradow belledi.
Alym ynsanyň garramagynyň onuň beýnisiniň işiniň peselmegi we akyl mümkinçilikleriniň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Şeýlelik bilen, ýaşlygyň we ömrüň uzalmagy, ilkinji nobatda, akyl işini doly ýerine ýetirýän «ýaş» beýniniň mümkinçilikleri bilen baglydyr. Fiziki işjeňlik we hereket beýniniň saglygyny saklamaga kömek edýär we uzak ýaşamak mümkinçiligiňizi artdyrýar.
«Mümkin boldugyça hereket etmeli. Ýerlikli fiziki maşklar gan aýlanyşygyny işjeňleşdirýär – munuň netijesinde beýni kislorod bilen has gowy üpjün edilýär we netijeli işleýär» – diýip, newrolog aýtdy.