Eýesinden gaçyp sugun sürüsiniň başy boldy

Eýelerinden gaçyp giden eşege bäş ýyl soň sugun sürüsiniň başy hökmünde gabat gelindi. Täsin waka Kaliforniýada (ABŞ) bolup geçdi.

Bäş ýyldan soň Dizel bir sugun sürüsine tomaşa edip otyrka, awçy Maks Finneli gördi. Şol bir wagtyň özünde, awçy hem hut eşegiň sugun sürüsiniň başydygny aňdy. Sugunlar onuň hereketlerini gaýtaladylar. Şeýle-de, Finnel ýerli tokaýçynyň tokaýda toýnak bilen urlan puma gabat gelendigini aýtdy. Awçylaryň pikiriçe, bu Dizel atly eşegiň puma bilen söweşendiginiň nyşanydyr.

Bu waka sosial ulgamlarda ýaýrady we sugunlaryň arasynda ýaşaýan eşek Drýuri hakda maglumatlar paýlaşyldy. Öňki eýesi eşeginiň diridigne begendi. Şeýle hem, ferma gaýdyp gelse, bagtly boljakdygyny aýtdy, emma «Dizel erkinlige mynasyp» – diýip, «Inside Edition» habar berýär.