"Türkmenhowaýollary" içerki gatnawlaryň uçuş tertibini üýtgetdi

"Türkmenhowaýollary" agentliginiň saýtynda içerki gatnawlaryň täze tertibi çap

edildi.

 

 

Ol 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyndan güýje girýär. Awiakompaniýa uçuş wagtynyň

üýtgäp biljekdigini belleýär.

 

 

Ýerli howa gatnawlary, käbir ugurlary hasaba almazdan, ýurduň ähli sebit howa

menzillerinden her gün diýen ýaly amala aşyrylar.

 

 

"Türkmenhowaýollarynyň" Türkmenistandaky içerki aragatnaşyk ulgamy

Aşgabady, Daşoguzy, Maryny, Türkmenbaşyny, Türkmenabady we Kerkini öz içine

alýar.

 

 

Täze tertip bilen awiakompaniýanyň saýtynda şu salgy  boýunça tanyşmak bolar.