Arkadag şäherinde aýdym-sazly şygryýet agşamy geçirildi
Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» diýen at bilen aýdym-saz hem şygryýet agşamy geçirildi.
Dabarada Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, meşhur şahyr Gözel Şagulýewanyň çykyş etmegi ýurduň medeni durmuşynyň möhüm wakasyna özboluşly öwüşgin çaýdy.
Agşamyň başynda ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleri tarapyndan tomaşaçylara hödürlenen aýdym-sazly edebi kompozisiýa türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändöwlet syýasatynyň — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynda amala aşyrylýan özgerişleriň özboluşly beýanyna öwrüldi.
Teatryň sahnasynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bütin dünýäde meşhur bolan we dürli dillere terjime edilen goşgulary, şeýle hem döwrümiziň tanymal ýazyjy-şahyrlarynyň hem-de agşama gatnaşyjylaryň goşgulary okaldy.
Türkmenistanyň Halk artisti Atageldi Garyagdyýew, Atajan Berdiýew, Sahydursun Hojakowan, Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Annamyradow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymy Aýna Seýitgulyýewa we beýlekiler Watanymyzyň soňky ýyllarda eziz gazananlaryny, döwrebap Arkadag şäherini we Magtymguly Pyragynyň şygryýetini wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.
«Şu ýyl geçirilýän Medeniýet hepdeligi halkymyzyň medeni taryhynda täze sahypadyr. Arkadag şäheri ilkinji gezek iň oňat edebiýat we sungat ussatlaryny garşy alýar. Milli medeniýetimiz hiç wagt häzirki ýaly ajaýyp sepgitlere ýetmändi, halkyň taryhynda hiç haçan suratkeşiň ýa-da ýazyjynyň işi biziň döwrümizdäki ýaly halkyň durmuşy bilen ýakyndan baglanyşykly bolmandy. Türkmenistanda bu pudakda işleýänlere bagyşlanan baýramçylyk diýseň ýokary derejede we tutuş bir hepdäniň dowamynda bellenilýär. Bu ösüş-özgerişler ýazyjy-şahyrlar üçin täze-täze eserler döretmäge ägirt uly we çäksiz ylham bolup hyzmat edýär» — diýip, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew aýtdy.
Magtymgulynyň eserlerine ýüz tutanymyzda, onuň bize galdyran bahasyna ýetip bolmajak mirasyna täzeden aralaşýarys. Munuň özi şahyryň ölmez-ýitmez mirasydyr.