Moskwada GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Moskwada GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň nobatdaky ýygnagy geçirildi, onuň barşynda GDA agza ýurtlar ykdysady hyzmatdaşlygyň köp sanly meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar. GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň garamagyndaky Ykdysady meseleler boýunça komissiýa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdiýew wekilçilik etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň kararlaryna laýyklykda, GDA-nyň statistika komiteti tarapyndan taýýarlanan 2023-nji ýylda GDA agza ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösüşi üçin esasy makroykdysady görkezijiler barada maglumaty diňlediler.

Duşuşykda 2018 – 2023-nji ýyllarda GDA agza ýurtlarda epizootik ýagdaýlar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu mesele raýatlarymyň azyk howpsuzlygy we saglygy bilen gönüden-göni bagly bolany üçin aýratyn ähmiýete eýedir.

GDA agza ýurtlaryň awtoulag pudagynda 2016-njy ýylyň 28-nji oktýabryndaky 2030-njy ýyla çenli döwür üçin hyzmatdaşlygy baradaky şertnamany durmuşa geçirmek üçin Hereket meýilnamasy tassyklandy. Onuň durmuşa geçirilmegi, GDA agza ýurtlaryň bu ugurdaky gatnaşyklarynyň giňemegine we awtoulag pudagynyň Ylalaşyga gatnaşýan döwletleriň ykdysadyýetine goşandynyň ösmegine täsir eder.

GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň karary bilen tassyklanan döwletara okuw, hünär taýýarlygy we ylmy-tehniki maglumatlar pudagynda işgärleri taýýarlamak ulgamyny döretmek we ösdürmek Konsepsiýasyna üýtgeşmeler girizmek barada karar kabul edildi.

Duşuşykda beýleki meseleleriň hem birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysady Geňeşiň indiki ýygnagyny 2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär.