Hindistanda dünýäniň iň beýik demirýol köprüsi synagdan geçirildi
Hindistanyň demirgazygynda ýerleşip Jammu we Kaşmir şäherlerine uzaýan dünýäniň iň beýik demirýol köprüsi synagdan geçirildi. Hindi demirýol işgärleri onuň üstünde synag otlusyny hereketlendirdiler. Häkimiýet dagyň gözel tebigatynda ýerleşýän köpriniň üstünden geçip barýan otlynyň wideoýazgysyny paýlaşdy.
Dünýädäki iň beýik demirýol köprüsi Jammunyň we Kaşmiriň hindi bileleşiginiň sebitinde gurlup, Çenab derýasynyň üstünden, Gimalaý daglarynyň eteginden – 359 metr beýiklikden geçýär. Hünärmenleriň tassyklamagyna görä, Çinap köprüsi sebitde ýygy-ýygydan gaýtalanýan, ýertitremelere we 74 m/s çenli bolan güýçli ýele garşy durmaga ukyplydyr. Köpriniň uzynlygy 1,3 km bolup, onuň merkezi aralygy 467 metrdir. Onuň esasy aýlawyny gurmak üçin dünýäniň iň uzyn kabel krany ulanyldy.
«Большая Азия» tarapyndan berlen habarda ýakyn wagtda bu ýoldan demirýol gatnawynyň işe giriziljekdigi aýdylýar.