Russiýada iň ýokary ýük göterijilik mümkinçiligi bolan dron görkezildi

Russiýada iň ýokary ýük göterijilik mümkinçiligi bolan dron (uçarmansyz uçar) tanyşdyryldy. Ol Sankt-Peterburgyň «Sessiz ganatlar» atly oýlap tapyjylar topary tarapyndan hödürlenip, uçarmansyz ýük daşamak boýunça «НТИ Up Great» tehnologiýalar bäsleşiginiň nobatdaky tapgyrynyň ýeňijisi boldy.

Dron 9 sagat 41 minut 56 sekuntda 660 km aralygy üstünlikli geçdi, uçuşlaryň we gonuşlaryň 20-sini ýerine ýetirdi we üç dinamiki nokadyň arasynda umumy agramy 200 kilograma barabar bolan ýüki daşady.

Täze dron öz agramynda göterýän ýüküniň agramy hem-de uçuş aralygy boýunça Russiýanyň şeýle tehnologiýalarynyň rekordyny täzeledi. Ol bejeriş ýa-da abatlaýyş zerurlygy bolmazdan, Moskwadan Sankt-Peterburga uçuş bilen deňeşdirip boljak aralykda 30 kg-dan gowrak ýüki daşamaga ukyplydyr. Onuň işi operatoryň gatyşmagy bellige alynmazdan, bütinleý awtomatiki bolup, ugur boýunça bellenen gönükmeler öz wagtynda ýerine ýetirildi.

Hünärmenler «Sessiz ganatlar» toparynyň gazanan üstünliginiň Russiýadaky uçarmansyz howa ulaglary pudagy üçin möhümdigini bellediler. Şeýle uçarmansyz howa ulaglary ýükleri barmasy kyn we uzak ýerlere eltip bermek we beýleki maksatlar üçin giňden ulanylyp bilner. Munuň üçin oýlap tapyjylar topary Milli tehnologiýalar boýunça başlangyçlar gaznasyndan 30 million rubl baýrak aldy.