Möwsümdäki 7-nji ýeňşini gazandy

 

«Formula 1» boýunça möwsümiň 10-njy ýaryşy Ispaniýanyň Barselona şäherindäki «Barselona-Katalonýa» trassasynda geçirildi. 66 aýlawdan ybarat ýaryşda «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi Maks Ferstappen ýeňiş gazandy. Ol 2-nji hatardan başlan ýaryşyny 1 sagat 28 minut 20,227 sekuntda tamamlap, möwsümdäki 7-nji, karýerasyndaky 61-nji ýeňşini baýram etdi.

Ýaryşa ilkinji hatardan bat alan «McLaren» toparynyň britan piloty Lando Norris ýeňijiden 2,219 sekunt yza galyp, 2-nji orny eýeledi. Münberiň 3-nji basgançagyna-da başga bir britaniýaly sürüji çykdy. Ýeňijiden 17,790 sekunt soň pellehana gelen «Mercedes» toparynyň britan sürüjisi Lýuis Hamilton 3-nji orny eýeledi. Hamiltonyň hem watandaşy, hem-de topardaşy Jorj Rasselliň 4-nji bolan ýaryşynda «Ferrari» toparynyň sürüjileri – Şarl Lekler bilen Karlos Saýns Junior 5-6-njy orunlary paýlaşdylar.

10-njy ýaryşdan soň sürüjileriň sanawynda Maks Ferstappen 219-a ýetirip, liderligini dowam etdirýär. Barselonada münberiň 2-nji basgançagyna çykan Norris utugyny 150-ä çykardy we Şarl Lekleri yzda galdyryp, 2-nji orna beýgeldi. 3-nji ýerdäki Lekleriň 148 utugy bar.

«F1-de» möwsümiň 11-nji ýaryşy 30-njy iýunda Awstriýada geçiriler.