Şu gün Messi 37 ýaşyny doldurdy

24-nji iýunda dünýä futbolynyň 2 super ýyldyzynyň biri bolan, köpleriň pikirine görä, futbolyň taryhyndaky iň beýik oýunçynyň — Lionel Messiniň doglan güni. Argentinanyň milli ýygyndysynyň hem-de «Inter Maýami» klubunyň futbolçysy şu gün 37 ýaşyny doldurýar.

Karýerasy boýunça gazanmadyk kubogy bolmadyk futbolçy «Barselona», PSŽ hem-de häzirki topary «Inter Maýami» klublarynyň köýnekçesini geýdi. «Altyn top» baýragyny 8 gezek eýeläp, bu ugurda garşydaşlaryndan ep-esli öňde saýlandy. «Barselonada» 10 «La Liga» çempionlygynyň üstüne Çempionlar Ligasynyň 4 çempionlygyny goşan Messi Ispaniýanyň Şa Kubogynyň hem-de Super Kubogynyň hersini 7, UEFA Super Kubogyny we FIFA Klublar arasy Dünýä kubogyny 3 gezekden aldy. PSŽ-de 2 çempionlyk bilen 1 Super Kubogy gazanan Messi «Inter Maýami» toparynda «Leagues Cup» ýaryşynda ýeňiji boldy. 2021-nji ýyla çenli iň uly ýetmezçiligi bolan milli ýygyndydaky şowsuzlygyň öwezi yzly-yzlyna gazanylan kuboklar bilen doldy. Şol ýyla çenli Messiniň Argentinanyň köýnekçesi bilen 2005-nji ýyldaky U20 Dünýä Kubogynyň çempionlygy hem-de 2008-nji ýyldaky olimpiýa (altyn) medaly bardy. Messi 2021-nji ýylda Kopa Amerikanyň gazanylmagyndan soň 2022-nji ýylda KONMEBOL-UEFA Kubogy hem-de iň uly kubok bolan Dünýä Kubogynyň çempionlygyna ýetdi. Geçiren gollary, eden asistleri bilen iň öňdäki hatarlarda barýan Messiniň gazanan şahsy baýraklary welin sanardan has köpräk.