Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda toplumlaýyn ulag resminamasy taýýarlanýar

Ulag gatnaşyklary meselesinde Türkmenistan bilen Eýranyň umumy

gyzyklanmalary bar we her gije-gündizde 600 wagonyň Sarahs we Inçeburun

serhet geçelgelerinden geçýändigini nazara almak bilen, ulaglaryň köpelmegine

garaşylýar. Bu meseleler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag

we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakiýewiň Eýran

Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Mehrdad Bazrpaş bilen

geçirilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyk

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly

Berdimuhamedowyň Tährana amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde geçirildi.

 

 

 

Eýran ministri Aşgabat şertnamasy boýunça işleriň güýçlendirilýändigini belläp,

ýakyn wagtda Türkmenistanda geçiriljek bilelikdäki ykdysady toparyň mejlisinde

amaly iş tapgyryna garamagy, şeýle hem agza ýurtlardan delegatlary ara alyp

maslahatlaşmaga çagyrmagy teklip etdi – diýip, eýran metbugaty ýazýar.

 

 

Bazrpaş duşuşykdan soň doly işlenip taýýarlanan iki ýurduň arasyndaky giňişleýin

hyzmatdaşlyk we ýük daşamalary baradaky resminamanyň bilelikdäki ykdysady

toparyň mejlisinde ylalaşylmagy üçin ýakyn iki hepdäniň içinde teswirleri we

teklipleri almak üçin Türkmenistana iberiljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

 

 

Bazrpaş EYR-nyň Eýranyň demirgazygyndaky we günortasyndaky portlarda

türkmen maýadarlaryny garşy almaga taýýardygyny aýtdy.

 

 

Duşuşykda iki ýurduň arasynda awiasiýa hyzmatdaşlygyny berkitmegiň zerurlygy

nygtaldy. Serhetýaka bazarlaryny açmaga gyzyklanma bellendi.

 

 

Şeýle hem Çakyýew iki ýurduň türkmen-eýran ykdysady toparynyň ýakyn wagtda

geçiriljek mejlisinde demir ýollaryň kuwwatyny ýokarlandyrmak, uçarlar, portlar

we awtoulaglar arkaly üstaşyr gatnawy ösdürmek meselelerini ara alyp

maslahatlaşmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.