Türkmenistanda Orta geçelgäni diwersifikasiýa etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
«Azerbaýjanyň demir ýollarynyň» (ADÝ) başlygy Rowşan Rustamow Aşgabada iş saparynyň barşynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň başlygy Azat Atamyradow we «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň wekiliýeti bilen duşuşdy.
Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda demirýol ulaglary pudagyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, Merkezi Aziýa — Ýewropa we Hytaý — Ýewropa ugurlarynda multimodal ýük daşamagyň möçberini artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda demirýol ulaglary pudagyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy we ýük dolanyşygynyň ýokarlanmagy boýunça meselelere jikme-jik seredildi.
Saparynyň çäginde «Türkmennebit», «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda «Azerbaýjanyň demir ýollarynyň» başlygy ADÝ-nyň Orta geçelgäniň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berdi.