Täze «Toyota Avalon» eýýäm önümçilikde: ol «Camry» ulagynyň dokuzynjy nesliniň hereketlendirijilerini alar
Hytaýyň Çendu şäherindäki «FAW Toyota» bilelikdäki kärhanasynda täzelenen «Toyota Avalon» sedanynyň yzygiderli önümçiligi başlandy: 5 metrlik awtoulag daşky görnüşi boýunça üýtgemedi diýen ýaly, ýöne onuň enjamlary kämilleşdirildi, kapotyň aşagynda bolsa «Toyota Camry» kysymynyň täze nusgasynyň (dokuzynjy nesil) hereketlendirijileri ornaşdyryldy.
Täzelenen «Avalonyň» salonynda «Qualcomm Snapdragon 8155 SoC» nusgasyndaky we 12 dýuým ekran bilen enjamlaşdyrylan täze media ulgamy bolar. Aýratyn mümkinçilikler boýunça ýerine ýetirilýän wezipeler kämilleşdiriler we täze rul peýda bolar.
Ulagda hereketlendirijileriň üçüsi bolar: kuwwaty 152 at güýjüne barabar bolan adaty 2.0 litrlik benzinli dwigatel, 2,0 litrlik hereketlendirijiniň binýadyndaky gibrid (173 at güýji) we 2,5 litrlik gibrid dwigateli (230 at güýji). Sedanyň ölçegleri — 4990 x 1850 x 1450 mm, tigir binýady — 2870 mm.
Täzelenen «Avalonyň» tanyşdyrylyşy iýul aýynda bolar we bahalar şondan soň yglan ediler.