Türkmenistan halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine goşandyny artdyrýar

Türkmenistanda halkara utgaşykly logistika ulgamyny döretmek boýunça işler depginli alnyp barylýar. Bu barada Awazada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahatynda çykyş edende gürrüň berdi.

Agentligiň ýolbaşçysy, COVID-19 pandemiýasynyň ulag aragatnaşygyna täsirini ýeňip geçmek meselelerinde tejribe alyşmaga bagyşlanan mejlisde alyp baryjy hökmünde çykyş edip, Türkmenistanyň köp sanly halkara ulag geçelgeleriniň ösmegine hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşandyny yzygiderli artdyrýandygyny belledi.

Ýurt Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky, Owganystanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Ýewropanyň (Lapis Lazuli) arasyndaky halkara ulag we üstaşyr geçelgeleriniň, Hytaý - Gazagystan - Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe – Ýewropa ugrunyň, Gazagystan - Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň we beýlekileriň ulanylmagyny goldaýar.

Türkmenistan bu geçelgeleriň ösdürilmegine goşýan goşandyny artdyryp, öz düzümlerini döwrebaplaşdyrýar we giňeldýär - täze demir we awtoulag ýollaryny, awtobanlary, köprüleri gurýar, ulag toplumynyň tehniki binýadyny täzeleýär diýip, Çakyýew nygtady.

Türkmenistan halkara howa menzilleri ulgamyny hem giňeldýär – häzir olar Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Daşoguzda, Maryda, Türkmenabatda we Kerkide bardyr. Şu ýyl, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde halkara howa menziliniň ýedinjisiniň gurluşygyna başlanyldy. Ol ähli görnüşli howa gämilerini kabul etmek üçin uçuşlaryň ýerüsti üpjünçiligine degişli serişdeler bilen enjamlaşdyrylar hem-de howa ulag düzüminiň we ýük ammarlarynyň gowulandyrylmagyna ýardam eder.

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda kuwwatly logistika merkezine öwrülýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory belledi. Bu deňiz porty ýylda 27 million tonnadan gowrak ýükleri işlemäge ukyplydyr. Gämileri daşary ýurtlardan satyn almakdan başga-da, Türkmenistan olary öz gämi gurluşyk kärhanasynda gurup başlady. Şeýle hem Çakyýew, Türkmenistanyň ulag ulgamyny we logistikany sanlylaşdyrmakda halkara tejribesini öwrenmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini belledi. Bu nukdaýnazardan, BMG-nyň elektron haryt belligi (E-CMR) babatynda halkara harytlary daşamak şertnamasy baradaky konwensiýa goşmaça teswirnama goşulmak boýunça eýýäm işler alnyp barylýar.