Eýran-Oman-Türkmenistan-Özbegistan geçelgesi işe başlaýar

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Pars aýlagy meseleleri boýunça baş müdiri Alireza Enaýati Omanyň soltany Haýtam bin Tarik Al Saidiň ýakynda Tährana eden saparynyň dowamynda ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy meseleleriniň esasy ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklar bolandygyny aýtdy.Enaýatiniň sözlerine görä, Tähran bilen Maskatyň arasynda Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky üstaşyr ugra degişli "Aşgabat şertnamasyny" işjeňleşdirmek üçin çynlakaý gepleşikler alnyp barylýar.

 

 

Ol geljekde geçelgäniň işe girizilmegine umyt bildirdi.

 

 

Aşgabat şertnamasy Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Omanyň hökümetleriniň arasynda multimodal transport şertnamasydyr. Bu ylalaşyga Gazagystan, Katar we Hindistan hem goşuldy, Pakistanyň oňa goşulmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar.

 

 

Ylalaşyk Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagynyň arasynda harytlaryň daşalmagyny aňsatlaşdyrýan halkara ulag-üstaşyr geçelgesini döretmäge, Ýewraziýa sebitinde aragatnaşygy gowulandyrmaga we ony beýleki ulag geçelgeleri, şol sanda Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesi bilen sinhronlamaga gönükdirilendir.

 

 

2022-nji ýylyň awgust aýynda Awazada Türkmenistan, Eýran, Özbegistan we Gazagystan tarapyndan şu şertnama goşmaça teswirnama gol çekildi. Taraplar halkara awtoulag ýük daşama gatnaşyjylar üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirmäge, demir ýol ýük gatnawlaryna bitewi nyrhnama girizmäge we beýleki amallary sazlaşdyrmaga çalyşýarlar.