Ýylyň ilkinji bäş aýynda ýük awtoulaglarynyň satuwy pese düşdi
«Автостат Инфо» agentliginiň seljerijileri 2024-nji ýylyň ilkinji 5 aýynda Hytaýyň 29 896 ýük awtoulagynyň satylandygyny, rus modeliniň bolsa 13 917 nusgasynyň ýerlenendigini habar berýärler.
Hünärmenleriň pikiriçe, täze ýük awtoulaglarynyň ýerlenilmeginde Hytaýdan gelýän ulaglar öňdebaryjylygy saklaýarlar. 2024-nji ýylyň maýynda Russiýa bu döwletden 5539 ýük awtoulagyny satyn aldy. Munuň özi geçen ýyldaky görkezijiden 14% azdyr. Rus brenleriniň satyn alynmagy hem azalyp başlady: 2024-nji ýylyň maý aýynda bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 25% pese düşdi.
«Автостат Инфо» toparynyň hünärmenleri 2024-nji ýylyň maý aýynda täze ýük awtoulaglarynyň bellige alnyşynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 15% azalandygyny bellediler. Şol bir wagtyň özünde, şu ýylyň 5 aýynyň dowamynda ýük ulaglarynyň satuwy az-kem ýokarlandy we 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,4% artdy.
Ulanylan ýük awtoulaglary barada aýdylanda bolsa rus awtoulaglary satuwyň başyny çekýär. «Автостат Инфо» tarapyndan berlen habara görä, 2024-nji ýylyň maýynda 10 094 awtoulag serişdesi satyldy.