Kaliningrad şäherine has köp mukdarda ýük ýollanar
Ýakyn geljekde ýük daşamak üçin ro-ro synply täze gämi Kaliningrad şäherine tarap ýüzüşe başlar. Deňiz ugruny pugtalandyrjak taslama hakynda Kaliningrad oblastynyň infrastruktura ministriniň orunbasary Tatýana Filimonowa sebit söwda we senagat palatasynyň mejlisinde eden çykyşynda yglan edildi.
«Ro-ro» synpynyň gämisi «Atlant» kompaniýalar toparyny üpjün eder. Ol adaty ýük awtoulaglaryny we sowadyjy ulaglary daşamak üçin niýetlenendir. Gäminiň kuwwaty tehnikalaryň 80-den gowrak birligini daşamak mümkinçiligini özünde jemleýär. «Atlant» kompaniýalar topary 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýene bir ugur boýunça iki gämini işe girizmegi meýilleşdirýär.
Şol bir wagtyň özünde bolsa «Shipping & Digital. Tejribe 2024-de» çykyş eden «Nowik Laýn» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýerine ýetiriji direktory Anatoliý Kislisyn ro-ro synpynyň köp sanly gämisiniň Kaliningrad şäherine çenli getirilmeginiň umumy trendine garamazdan, konteýner ugurlarynyň ösmegini dowam etdirjekdigini mälim etdi. Tehnikalaryň ýüklemek we düşürmek amallarynda has köp wagt talap edýändigi sebäpli, portlarda uly dyknyşyklar döreýär. Şonuň üçin hem, hünärmen geljekde konteýner gämileriniň paýynyň rolker nusgalardan ýokary boljakdygyna ynanýar.