Sişenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa, gurluşyk hem-de ýeňil senagaty önümleri ýokary islege eýe boldy
Sişenbe güni, 25-nji iýunda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmennebit" Döwlet Konserninden suwuklandyrylan gazy, Özbegistan döwletiniň işewürleri gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden “TPP D 30 S” kysymly polipropileni, “BND 60/90” kysymly nebit ýol bitumy, "Türkmenhaly" Döwlet Birleşiginden Türkmen el halysyny hem-de Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz float aýna satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 13 485 236,69 manada, 943 750,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.