Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlandy

Ýurdumyzyň dostlukly ýurtdaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, düýn — 24-nji iýunda Gazagystanyň Astana şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri başlandy.

Açylyş dabarasynda Magtymguly Pyragynyň «At istärin» diýen eserine esaslanýan «Istärin» çeper filminiň görkezilişi boldy. Ol Arslan Eýeberdiýewiň režissýorlyk etmeginde düşürildi.

Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we maglumat ministriniň orunbasary Erbol Alikulow öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetine ünsi çekdi we beýik akyldaryň ruhy mirasynyň tutuş türk dünýäsiniň dostlugyny hem parahatçylygyny alamatlandyrýandygyny aýtdy.

Şu gün Gazagystanyň Milli akademiki kitaphanasynda «Magtymguly» atly ýygyndynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolar. Şeýle hem, günüň dowamynda Kalibek Kuanyşbaýew adyndaky Gazagystanyň milli aýdym-saz we drama teatrynda Türkmenistanyň halk amaly-haşam sungatlarynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi hem-de gala-konserti guralar.

27-nji iýunda geçiriljek çäreler iki ýurduň ussatlarynyň gatnaşmagynda gala-konserti bilen tamamlanar. Medeniýet günleriniň geçirilmegi Gazagystanyň halky üçin Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen tanyşmaga döredilen ajaýyp mümkinçilikdir.