Aral deňzinde suwuň mukdary köpeldi
Aral deňziniň demirgazyk böleginde suwuň mukdary köpeldi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministrligi habar berdi.
Ministrligiň habarynda ýylyň başyndan bäri Aral deňziniň demirgazyk böleginde 1,1 milliard kub metr suwuň ýygnanandygy aýdylýar. Şeýlelikde, häzirki wagtda Aral deňziniň demirgazyk böleginde suwuň mukdary 21,4 milliard kub metre barabardyr.
«Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany öz içine alýan döwletara utgaşdyryjy suw komissiýasynyň 86-njy mejlisinde taraplar suwaryş möwsüminde demirgazyk Aral deňzine 997 million kub metr suw goýbermek barada ylalaşdylar, akymyň tizligi sekuntda azyndan 30 kub metr bolar. Häzir deňze sekuntda 50 kub metr suw girýär. Bir ýyl mundan ozal akym sekuntda alty kub metre barabardy» diýlip, ministrligiň habarynda beýan edilýär.
Ozal Aral deňziniň demirgazyk bölegini günortadan aýyrýan Kokaral bendiniň gurluşygy tamamlanypdy. Bent Aral deňziniň demirgazyk böleginde suwuň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.