Türkmenistanyň ýaş wekilleri Özbegistanda geçýän Ýaşlaryň halkara ekologiýa lagerine gatnaşýarlar
23-nji iýunda Samarkantda Halkara ekologiýa lageri başlandy. Şu ýyl bu çärä Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryndan — Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Türkmenistandan gatnaşýan ekoişjeňlere Azerbaýjanyň, Wengriýanyň hem-de Türkiýäniň wekilleri goşuldy.
«Zamin» halkara jemgyýetçilik gaznasy, Özbegistanyň daşky gurşawy, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri hem-de bilim işini utgaşdyrýan ministrlikleri, Ýaşlar gullugy, ÝUNISEF, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (UNDP), galyberse-de Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasy (FAO) halkara çäräniň guramaçylary hökmünde çykyş edýär.
Çäräniň maksady ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki mümkinçiligini görkezmekde, ýaş ekoişjeňlere teklipleri we başlangyçlary hödürlemekde hem-de şu sebitlerde ýaşlaryň daşky gurşaw hereketiniň birleşmegine goldaw bermekde jemlenýär.
Lagerde seminarlar, howanyň gün tertibindäki häzirki temalar boýunça halkara bilermenler bilen çekişmeler guralar, şeýle hem COP-29 konferensiýasyna gatnaşmak isleýän ýaş eko-liderleriň hödürlemegi meýilleşdirýän taslamalaryny işläp düzmek meselesi maslahatlaşylar
Samarkantda «Ýüpek ýoly» halkara syýahatçylyk we medeni miras uniwersitetine gatnaşyjylar işjeň toparlaýyn sapaklardan, seminarlardan we daşky gurşaw taslamalary boýunça çekişmelerden lezzet alarlar, Daşkentde bolsa «Green University» ekomekdebine baryp görerler, şol ýerde ekologiýa ugry boýunça hünärmenleriň sapaklaryny diňlärler.
Çäräniň medeni maksatnamasynyň çäginde gatnaşyjylar Samarkant şäheriniň taryhy gözel ýerlerine — Gur-Emir mawzoleýine, Şahi Zinda ýadygärlikler toplumyna we Ulugbegiň obserwatoriýasyna baryp gördiler.
Bu çäre 30-njy iýuna çenli dowam eder.