Türkmen telekeçisi täze oba hojalyk tehnikalaryny öndürip başlamagy meýilleşdirýär
Türkmen telekeçisi oba hojalyk enjamlaryny öndürýän zawodynda täze tehnikalaryň birnäçesiniň önümçiligine başlamagy meýilleşdirilýär. Şol tehnikalarynyň ýakyn geljekde türkmen bazaryna çykjakdygyny kärhananyň wekilleri gürrüň berýärler.
Telekeçiniň oba hojalygynda topragy taplamak üçin ulanylýan diskaly boronalaryň uly süýreme, kiçi asma görnüşlerini, dişli boronalaryň nusgalaryny, gowaçalaryň ujuny çyrpmak üçin ulanylýan döwrebap awtomatiki azaly hem-de dökün sepýän tehnikasyny hödürlemegine garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, gowaçalaryň ujuny çyrpmak onuň hasylyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Täze tehnologiýa bu ugurda oba hojalyk işlerini ep-esli ýeňilleşdirer.
Dökün sepýän tehnologiýa bolsa ösümlikleriň ösüşinde möhüm orny eýeleýän önümleriň tygşytly peýdalanylmagynda uly ähmiýete eýedir. Munuň bol hasyl almakda belli bahasynyň ýokdugyna ünsi çekmek gerek. Çünki döküniň agdyklyk etmegi-de, az bolmagy-da hasyla täsir edip bilýär. Şol sebäpden hem, bu tehnika daýhanlarymyzyň ýakyn ýardamçysyna öwrüler.
Diskaly hem-de dişli boronalar bolsa topragy taplamakda köpugurly mümkinçilikleri özünde jemleýän iň amatly enjamlar hasaplanylýar. Ýeriň şu tehnikalaryň kömegi bilen taplanmagy topragy birkemsiz taýýarlamagyň möhüm tapgyryny emele getirýär. Diskaly boronalaryň uly we kiçi görnüşleriniň hödürlenmegi bolsa daýhanlaryň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirer.
Bu tehnikalaryň dolulygyna ýurdumyzda öndürilmegi olaryň türkmen daýhanlary üçin iki esse arzan düşmegini üpjün eder. Şol bir wagtyň özünde bolsa önümleriň hiline kepil geçiler. Çünki önümçilikde ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli materiallardan peýdalanylmagy tehnikanyň berkligini şertlendirer. Bu tehnikalar telekeçiniň önümçilik sehinde ornaşdyrylan döwrebap enjamlar arkaly taýýarlanar. Şeýle önümçiligi dolulygyna alyp barmak diýseň uly zähmeti talap edýär.
Ähmiýetli oba hojalyk önümlerini halkymyza hödürlemegi meýilleşdirýän tarap täze tehnikalaryny daýhanlara ýurdumyzyň banklarynyň üsti bilen birýyllyk karzyna bermegi hem meýilleşdirýär. Munuň özi olaryň işini kämilleşdirmekde hem-de ýeňilleşdirmekde möhüm tapgyry emele getirer.
Täze oba hojalyk enjamlarynyň gysga wagtyň dowamynda türkmen bazaryna çykmagyna garaşylýar.