«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň direktory P.Aşyrow: «Türkmenistanyň demirgazygynda orta asyrlara degişli täsin gymmatlyklar tapyldy»
Demirgazyk Türkmenistanyň çäginde — Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Döwkesen we Sarygamyş oba geňeşliklerinde ýerli ýaşaýjylar Annamuhammet Durdyýew we Bibijemal Berdigylyjowa tarapyndan 18 altyn we 3 kümüş teňňe, 61 sany altyn teňňäniň bölekleri, şeýle hem dürli reňkli jisimleriň 8-si tapyldy. Bu barada «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň direktory Parahat Aşyrow gürrüň berýär.
Goraghananyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, golaýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa bu tapyndylary Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmagy teklip etdi. Bu teklip Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan goldanyldy.
P.Aşyrow ýaňy-ýakynda ýüze çykarylan tapyndynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygara eýe bolan üstümizdäki ýylyň ýatdan çykmajak wakasyna öwrülendigini we Türkmenistanyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynyň aýdyň subutnamasy bolandygyny aýtdy. XII-XIII asyrlara degişli bolan teňňelerde Amyderýanyň aşaky akymlarynda ýerleşýän kuwwatly türkmen döwletine ýolbaşçylyk eden Horezm hökümdarlarynyň — Tekeşiň we Ala-ad-Diniň atlary ýazylypdyr.
— Orta asyrlarda Köneürgenç-Gürgenç şäherinden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň çäginde taryhy gymmatlyklar tapyldy. Bu ýerde dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanan türkmen serkerdeleri we ylym dünýäsiniň beýik wekilleri bolan alymlar ýaşapdyr we işläpdir. Köneürgenjiň ýaşaýjylary bu şäheriň ajaýyp ýadygärliklerine buýsanýarlar we olara uly hormat goýýarlar — diýip, taryhy-medeni goraghananyň ýolbaşçysy belledi.
P.Aşyrowyň belleýşi ýaly, Köneürgenç şäherinde Gutlug Timuryň Merkezi Aziýadaky iň beýik minarasy, şeýle hem Tekeşiň, Törebeghanymyň, Nejmeddin Kubranyň, Pirýar Weliniň mawzoleýleri we beýleki ajaýyp gadymy ýadygärlikler hem-de ussat türkmen binagärleriniň asyrlara ýaň salan işleri saklanyp galypdyr. Nejmeddin Kubranyň mawzoleýi (XII-XIII asyrlar) aýratyn tapawutlanýar. Bu täsin binagärlik ýadygärligi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi we dünýäniň dürli künjeklerinden bolan zyýaratçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.
Goraghananyň ýolbaşçysy oba adamlarynyň bu tapyndylary Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gowşurandyklaryny habar berdi. Hoşallygyň nyşany hökmünde bu raýatlara gymmat bahaly sowgatlar — ýurdumyzda öndürilen häzirki zaman telewizorlary gowşuryldy. Sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, Arkadag şäheriniň ýolbaşçylarynyň we jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda guraldy.
— Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu hakykat Gürgenç şäheriniň çäginde ýerleşip, orta syrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygyna öwrülen «Köpetdag» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ÝUNESKO-nyň abraýly sanawyna girizilmegi ýaly möhüm resminamalarda öz beýanyny tapýar — diýip, P.Aşyrow belledi.