Almatyda geçirilen halkara maslahatdan: ÝHHG žurnalistleriň howpsuzlygy barada pikir alyşýar

Almaty, Gazagystan 27-nji iýun. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (OSCE) tarapyndan «Sözbaşynyň aňyrsynda: metbugat azatlygyny öňe sürmek üçin žurnalistleri goramak» atly sebitleýin çäre geçirilýär.

 

«SalamNews» habarçysynyň habarynda aýdylyşy ýaly, žurnalistleri, adam hukuklary boýunça işjeň agzalary, halkara guramalarynyň we döwlet edaralarynyň wekillerini bir ýere jemlän maslahatda žurnalistleriň howpsuzlygy we sebitde söz azatlygyny goramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Bu seminaryň maksady köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hünärmenlerine kiberhüjümleriň edilmeginiň öňüni almak üçin töwekgelçiligi azaltmak strategiýalaryny we teswirnamalaryny işläp düzmäge kömek etmekden, maglumatlary, maglumatlaryň gizlinligini, enjamlary we aragatnaşyk kanallaryny sanly töwekgelçiliklerden goramakdan we onlaýn yzarlamalara garşy durmakdan ybaratdyr. Sanly nou-hau we çeşmeler bilen üpjün etmekden başga-da, seminarda gender, psihososial we fiziki howpsuzlyk ölçeglerine serediler.

 

Çärä gatnaşyjylar žurnalistleri goldamak we goramak boýunça öňdebaryjy tejribäni hem-de çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem esasy temalaryň biri hökümet işleriniň aç-açanlygyny üpjün etmekde we demokratiýany berkitmekde žurnalistleriň orny hakynda bolar.

 

Çäräni guraýjylar maslahatlaşmalaryň netijesiniň sebitdäki ýagdaýy gowulandyrmak üçin täze strategiýalary we teklipleri işläp düzmäge kömek etjekdigine umyt edýärler. Çäre günüň ahyryna çenli dowam eder.

Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com