Hytaýda iň uly gün elektrik stansiýasy guruldy
Iň uly gün elektrik stansiýasy Hytaýyň «China Green Electric Investment of Taijin» kompaniýasy tarapyndan guruldy. «Reuters» habar gullugynyň maglumatyna görä, ol Urumçi şäheriniň golaýyndaky Sinszýan sebitinde ýerleşýär.
Hytaýyň gün elektrik stansiýasy 133,5 inedördül kilometre barabar meýdany tutýar. Bu ägirt uly ýere 5 milliondan gowrak gün paneli oturdylyp, olar iki taraply ýagtylygy kabul etmäge ukyplydyr. Şeýle hem, olar zyýandan goraýjy iki gat aýna bilen enjamlaşdyrylandyr.
Gün panelleri 1,23 milliondan gowrak berk ýerasty sütünlerinde (swaýa) saklanýar. Panellerden elektrik toguny geçirmek üçin 208 kilometrden gowrak sim ulanylýar we töwereginde bäş stansiýa şahamçalary guruldy. Gün elektrik stansiýalarynyň öndürýän energiýasy pes naprýaženiýaly bolup, stansiýa şahamçalary naprýaženiýany elektrik torundan geçirmek üçin amatly derejä ýetirýär.
Midong gün elektrik stansiýasynyň ýylda takmynan 6,09 milliard kWt elektrik energiýasyny öndürmegine garaşylýar. Bu energiýa mukdary 9 million adam üçin amatly şertleri üpjün etmek üçin ýeterlikdir. Mysal üçin, bu energiýa bilen Papua-Täze Gwineýa ýa-da Lýuksemburg bilen meňzeş ululykdaky ilatly ýerleri üpjün edip bolar. Bu elektrik awtoulaglaryna energiýa bermek üçin ulanylan ýagdaýynda, 2 million ulagyň bir ýyllap işlemegi üçin ýeterlik bolar.