«Qatar Airways» «World Airline Awards 2024» tarapyndan dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy diýlip yglan edildi
Kataryň milli awiakompaniýasy «Qatar Airways» dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy diýlip yglan edildi. Kataryň awiagatnadyjysy eýýäm sekizinji gezek «Ýylyň awiakompaniýasy» diýlip yglan edildi, bu bolsa onuň ýolagçylara hödürleýän hyzmatynyň ýokary hiliniň ykrarnamasydyr.
«Awiasiýa pudagynyň Oskary» diýlip atlandyrylýan «World Airline Awards 2024» baýragynyň gowşurylyş dabarasy Londonda geçirildi.
Soňky on ýylda Ýakyn Gündogaryň awiagatnadyjysy uly abraý gazandy we özüni global awiasiýa merkezi hökmünde tanatdy.
Kataryň uçarlar parky 230 uçardan ybarat bolup, «A380» kysymly superlaýnerleri, «Boeing 777-300ER», «Boeing 787-8» we «787-9», «Airbus A350-900» we «A350-1000» ýolagçy uçarlaryny, şeýle hem birnäçe kiçi göwrümli uçarlary öz içine alýar.
«Bu «Qatar Airways» üçin buýsançly pursatdyr we bu baýragy zähmetsöýer kärdeşlerim bilen paýlaşmagy uly hormat hasaplaýaryn» diýip, awiakompaniýanyň baş ýerine ýetiriji direktory Badr Mohammed Al Meýer belledi we bu baýragyň kompaniýanyň deňi-taýy bolmadyk hyzmaty we innowasiýalary üpjün etmeklige üýtgewsiz ygrarlylygynyň subutnamasydygyny sözüniň üstüne goşdy.
Mundan başga-da, «Qatar Airways» «Dünýäniň iň gowy biznes-synpy», «Dünýäniň iň gowy biznes synply garaşylýan zaly» we «Ýakyn Gündogarda iň gowy awiakompaniýa» ugurlary boýunça iň ýokary baýraklara mynasyp boldy.
Singapuryň milli awiakompaniýasy «Singapore Airlines» ikinji, Dubaýda ýerleşýän dünýäniň iň uly awiakompaniýalarynyň biri bolan «Emirates» üçünji orny eýeledi. Şeýle hem ilkinji onluga «Turkish Airlines», «Lufthansa», «Etihad Airways» girdi.