Aşgabatda «Tomusky operetta agşamy» geçiriler

Tomaşaçylaryň köp sanly haýyşyndan soň, «Nusgawy eserler» maksatnamasynyň çäginde 2-nji iýulda Aşgabatda «Tomusky operetta agşamy» konserti geçiriler.

 

Konsertde «Silwa», «Baýadera», «Giuditta», «Arşin mal alan», «Meniň mähribanym» ýaly eserler ýaňlanar, Durdy Nuryýewiň «Gunça» sazly komediýasy we başga çykyşlar bolar. Guramaçylaryň aýtmagyna görä, Aýbölek Muhyýewa Sarasatyň «Sygan sazlaryny» skripkada ýerine ýetirer.

 

Konserte Gülnar Nuryýewa, Hasan Jumaýew, Wera Bazarowa, Begenç Moşiýew, Aýbölek Muhyýewa, Adelina Nazarowa we Stella Faramazowa gatnaşar.

 

Konsert 19:00-da «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde bolar.

 

Petek satyn almak üçin şu belgä jaň ediň: (+99361) 79 46 91.

 

Şeýlelikde, şol günki konsert bilen «Nusgawy eserler» maksatnamasynyň şu möwsümi ýapylýar.