“Türkmenistan” awiakompaniýasy Almaty bilen Aşgabadyň arasyndaky howa gatnawlaryny dikeltdi

"Türkmenistan" awiakompaniýasy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky

howa gatnawlaryny gaýtadan ýola goýdy. Aşgabatdan Almaty şäherine uçuşlar hepdede bir gezek - anna güni Boeing-737 uçarynda amala aşyrylýar.

 

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň uçarlary Gazagystana uçuşlary 2023-nji ýylyň 2-nji iýunyndan amala aşyryp başladylar. Uçuş wagty, takmynan 2,5 sagada deň, uçar Aşgabatdan 09:05-de ugraýar we Almaty şäherine ýerli wagt bilen 12:35-de gonýar. Yzyna Almatydan sagat 14:00-da uçup, Aşgabat Halkara howa menziline ýerli wagt bilen 15:50-de gonýar.

 

Aşgabat-Almaty ugry boýunça gatnawyň petek bahasy ekonom-klas üçin 3675 manat, biznes-klas üçin 5775 manat.