Daşkentde «Türkmenistanda öndürilen» diýen at bilen ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi guralar

28-nji iýunda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna («Ýol kartasy») laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň, işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlislerini, «Türkmenistanda öndürilen» atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini geçirmegiň teklip edilýändigi aýdyldy.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Özbegistan Respublikasynyň biziň ýakyn hyzmatdaşymyz bolup durýandygyny belledi hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisine, Türkmen-özbek işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini hem guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.

 

Soňra wise-premýer daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

 

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça şu ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forumy geçirmäge taýýarlyk görülýär. Forumyň 4 — 7-nji noýabrda BAE-niň paýtagtynda nebitgaz, energetika pudaklaryna, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanyp geçiriljek (ADIPEС) Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýär. Dünýäniň ýurtlarynyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini göz öňünde tutup, giň gerimli halkara gözden geçirilişiň meýdançasynda maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çärelerini guramak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çäreleriň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek forum hem ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini, ýeten belent sepgitlerini açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şoňa görä-de, Bütindünýä sergisiniň meýdançasynda guralmagy meýilleşdirilýän «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forumyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere bu ugurda degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.