BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanda bolar

29-njy iýunda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapary başlanar. Ol Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Täjigistanda we Türkmenistanda bolar. Guterriş 2017-nji ýylda hem bu sebite bolupdy.

 

BMG-niň Baş sekretarynyň nonatdaky sapary hakynda onuň metbugat sekretary Stefan Dýužarrik anna güni Nýu-Ýorkda geçirilen brifingde yglan etdi. Onuň sözlerine görä, saparyň dowamynda BMG-niň Baş sekretary Merkezi Aziýanyň her ýurdunda bolup, döwlet Baştutany we beýleki ýokary derejeli hökümet wekilleri bilen duşuşar, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreş taslamalary we ýerli aktiwistler bilen gürrüňdeş bolar. Saparyň ilkinji duralgasy Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheridir.

 

4-nji iýulda BMG-niň Baş sekretary Astanada geçirilýän Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar.