Türkmenistan Eýranyň täze Reşt-Kaspian demir ýolunyň üstünden ýük daşap başlar

Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýollarynyň baş direktory Milad Salehi Türkmenistanyň Reşt — Kaspian demir ýoly boýunça kükürt ýüküni üstaşyr geçirip başlajakdygyny habar berdi.

 

Onuň sözlerine görä, şu ugur boýunça demirýol ýükleriniň üstaşyr geçişiniň ep-esli ýokarlanmagyna garaşylýar we eýýäm geljek hepde türkmen kükürdiniň bu ýoldan üstaşyr geçirilmegi başlanar.

 

Salehi Reşt — Kaspian demir ýolunyň Hazar deňzini Pars aýlagy we Oman deňzi bilen, şeýle hem ýurduň demirgazygyny hem günortasyny birleşdirýändigini tassyklady. Bu bölüm «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň bir bölegidir. Kükürt Türkmenbaşy portundan Kaspian portuna getiriler, soňra bolsa Eýranyň üsti bilen demir ýol arkaly eltiler.