OECD Ýewraziýa bäsdeşlik ukybyny kämilleşdirmek maksatnamasynyň çäginde Türkmenistany goldaýar
Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) Ýewraziýa ýurtlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar. Bu barada guramanyň maglumatlaryna salgylanýan «Trend» habar berýär.
«OECD ikitaraplaýyn ýygnaklary, iş toparlarynyň işini we mümkinçilikleri ýokarlandyrmak çäreleri (ýüzbe-ýüz ýa-da wirtual), şeýle hem maglumat ýygnamak missiýalary arkaly Ýewraziýanyň bäsdeşlik ukyby maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýar» — diýip, çeşmäniň habarynda aýdylýar.
Guramanyň wekili OECD-niň Ýewraziýa bäsdeşlik ukybyny kämilleşdirmek maksatnamasynyň Merkezi Aziýa başlangyjynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin korrupsiýa garşy toruň, şeýle hem ykdysady taýdan Ýaşyl ösüş toparynyň çäginde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýtdy.
«Türkmenistan häzirki wagtda OECD-niň hususy pudagy ösdürmek, söwda we ulag aragatnaşygy boýunça sebitleýin işine (Merkezi Aziýada işewürlik we maýa goýumlary üçin hukuk gurşawyny gowulandyrmak, şeýle hem Merkezi Aziýada söwda işini ýeňilleşdirmek) goşulýar» — diýlip, çeşmede beýan edilýär.
Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy 1961-nji ýylda döredilen halkara guramasy bolup, onuň maksady dünýädäki adamlaryň ykdysady we sosial abadançylygyny ýokarlandyrýan syýasatlary öňe sürmek, hökümetlere hyzmatdaşlyk etmek, tejribe alyşmak hem-de çözgüt tapmak ýaly umumy meseleler üçin platformany döretmekdir.
Esasy ünsüni ykdysady ösüş, maliýe durnuklylygy, söwda, bilim, daşky gurşaw we innowasiýa ýaly meselelerde jemleýän OECD maglumatlary ýygnaýar, derňewleri geçirýär we geljekki hereketleri ugrukdyrmak üçin teklipleri hem görkezmeleri işläp düzýär.