«Huawei»: 2030-njy ýyla çenli bazaryň 90%-ni emeli aň aýratynlygy bilen enjamlaşdyrylan smartfonlar eýelär
«Huawei» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň infrastrukturasy pudagynda işewürligi dolandyrmak boýunça komitetiniň başlygy Wan Tao geljekde emeli aň tehnologiýalary bolan smartfonlaryň paýynyň ep-esli artjakdygyny aýtdy.
Wan Tao Şanhaýda synag maksatly 5G-A ählumumy täjirçilik maksatnamasyny işe girizmek boýunça geçirilen maslahatda eden çykyşynda 2030-njy ýyla çenli emeli aň tehnologiýalary bolan smartfonlaryň bazaryň 90%-ini eýelejekdigini aýtdy.
«Ýakyn wagtda biz emeli aň trafiginiň ep-esli artjakdygyny göreris. Şol bir wagtyň özünde, 5G-A torlary emeli aň eýýamynyň tor talaplaryny kanagatlandyrmak üçin has ýokary tizligi, pes gijä galmagy we has uly kuwwaty üpjün edip biler» diýip, Wan Tao belledi.
«Huawei», «Oppo», «Samsung», «Google» we «Apple» ýaly köp sanly flagman smartfonlaryna enjamda belli bir wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ýeňil emeli aň modelleri gurnaldy. Has çylşyrymly işleri ýerine ýetirmek üçin telefon has uly emeli aň modelleri işleýän bulut serwerine birikdirilýär.