Türkmenistan täze Boeing uçarlary satyn alar

Türkmenistan, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça raýat awiasiýa parkyny giňeltmek üçin «Boeing» Amerikan korporasiýasynyň ýolagçy uçarlaryny satyn alar.

 

Hususan-da, 777-300ER modifikasiýaly iki uçary (goşmaça ýangyç guýujy enjamlaryň oturdylmagy sebäpli uçuş aralygy 12 müň km çenli ýokarlandyrylan) we 737-8 MAX 8 (6570 km çenli) dört sany täze orta aralyk uçary satyn alynar.

 

Şenbe güni geçirilen hökümet mejlisinde, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiri Mämmethan Çakyýew ýurdumyzyň howa flotuny täzelemek we ulaltmak boýunça çäreler barada Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi we garamagyna degişli resminama hödürledi. Resminama, Döwlet Baştutanymyz tarapyndan gol çekidi we tassyklady.