BMG Arkadag şäheriniň geljekki ösüşleri üçin Türkmenistana goldaw berer
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko abraýly halkara guramanyň Arkadag şäheriniň geljekki ösüşi üçin goldaw berjekdigini aýtdy. Onuň 29-njy iýunda şäheriň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralaryň çäginde aýdan sözlerini «СНГ Today» habar berdi.
Dmitriý Şlapaçenko Arkadag şäherine 25-nji gezek gelip görýändigine ünsi çekdi. Munuň özi BMG-niň şäherçäni ösüşiniň tarapdary hökmünde tagallalaryny utgaşdyrandygyny görkezýär. Ol Merkezi Aziýada ilkinji bolup «akylly» şäheri bina eden Türkmenistan üçin munuň uly üstünlikdigini aýtdy.
Hemişelik utgaşdyryjy BMG üçin Arkadag şäheriniň ähmiýetini belledi. Bu ýerde Enäniň we çaganyň ösüşi üçin öňdebaryjy merkezi bar. ÝUNISEF onuň bilen ýakyndan işleşýär. Şeýle hem şäherde BMG-niň guramalarynyň gatnaşýan köp sanly sergisi geçirilýär.
«Geçen ýyl Ženewada Türkmenistanyň, esasan hem, Arkadag şäheriniň ösüşi barada öz garaýşymyzy hödürledim. Ol ýerde Ýewropanyň dürli künjeklerinden şäher häkimleri bardy. Olaryň köpüsine bu örän üýtgeşik göründi, sebäbi Arkadag şäheri-bu täsin tejribe. Biz Türkmenistanyň şäherlerini berkitmek üçin şäher syýasaty bilen meşgullanjak BMG-Habitat gullugynyň Arkadag şäherinde işlemegine hem garaşýarys» — diýip, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy geljekki meýilnamalaryny paýlaşdy.