Türkmenistan Omskdäki ýaşlaryň döredijilik festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 25 — 30-njy iýunda Omsk şäherinde geçirilen Russiýanyň we Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlarynyň döredijilik festiwalyna gatnaşdy. Bu çäre Russiýa Federasiýasynyň Ýaşlar gününiň bellenilmegine gabat geldi.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde festiwala Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Maý Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş mugallymlarydyr talyplary, şeýle hem Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň wekilleri gatnaşdy.

Festiwal maksatnamasy döredijilik, sungatyň we intellektual işjeňligiň dürli ugurlary boýunça birnäçe bölümleri öz içine aldy. Bu barada «Asmannews» ýazýar.

29-njy iýunda festiwala gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň köpçülikleýin lybaslary görkezilişi guraldy we şol gün rus meşhur estrada aýdymçylarynyň uly baýramçylyk konserti boldy.