Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatoryna gutlag iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýurduň milli baýramy — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, hanym Meri Saýmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.