Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumy ähli pudaklarda ösüşi hasaba alýar
Türkmenistanyň ulag toplumynyň ygtybarly işi ýurduň territorial we durmuş- ykdysady ösüşini, içerki bazaryň we daşary söwda gatnaşyklarynyň netijeli işlemegini, halkara aragatnaşygyň ösüşini we sebit aragatnaşygynyň ösdürilmegini üpjün edýär. Ulag hyzmatlarynda ykdysadyýetiň barha artýan zerurlyklary ulag we aragatnaşyk bloklarynyň pudaklarynyň hasabat görkezijileriniň depginli ösüşi bilen görkezilýär.
2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda bu pudak işleriň we hyzmatlaryň umumy mukdary boýunça 124,8% ösüş gazandy. Ulagyň dürli görnüşlerinde ýük daşamak boýunça bu görkeziji 104,1%, ýolagçy gatnawy boýunça bolsa 106,3% deň boldy.
Toplumyň pudaklary boýunça howa ulaglary has netijeli görkezijä eýe: “Türkmenhowaýollary” agentligi 308% ösüş depginini görkezýär. Hasabat döwründe milli howa gatnadyjysy täze ugurlara - Seula we Hanoýa uçuşlary amala aşyryp başlan iki sany A330-200 kysymly ýük uçaryny satyn aldy.
Awtoulag edarasy, deňiz we derýa ulaglary, demir ýollar durnukly ösüş depginini saklaýar: “Türkmenawtoulaglary” - 121,3%, “Türkmendeňizderyayollary” - 110,2%, “Türkmendemirýollary” - 105,4%.
Hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna "Türkmenaragatnaşyk" agentligi 111,9% ösüş depginine ýetdi. e.gov.tm Döwlet hyzmatlary portalynda ýerleşdirilen sanly çeşmeleriň sany 485-e ýetdi, şol sanda – onlaýn tölegleriň 31 görnüşi, 256 maglumat hyzmaty, döwlet edaralarynyň 160 saýty we olaryň hyzmatlaryna 38 baglanyşyk ýola goýuldy.
Halkara integrasiýa taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aragatnaşyk aýgytly rol oýnaýar, sebit we ulag geçelgeleriniň üsti bilen global söwda zynjyrlaryna birikmek ýurdumyzyň dünýä arenasyndaky ykdysady ornuny ynamly berkidýär.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen logistik hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Azerbaýjan, Özbegistan, Gazagystan, Russiýa, Hytaý, Latwiýa bilen bilelikde ulag boýunça iş toparlary döredildi. Bu ugurlaryň birnäçesinde eýýäm iş duşuşyklary we geňeşmeler geçirildi. Häzirki wagtda türkmen-hytaý we türkmen-latwiýa ulag toparlarynyň mejlisine we eýranly kärdeşler bilen şuňa meňzeş ikitaraplaýyn toparyň döredilmegine taýýarlyk görülýär.