Türkmenistanyň diplomaty Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan bilen söwdany ösdürmek üçin kioskyň açylyşyna gatnaşdy
Türkmenistanyň ilçihanasynyň işjeň gatnaşmagy bilen Lahoryň Söwda-senagat palatasynda (LSSP) Merkezi Aziýa ýurtlary we Azerbaýjan bilen söwdany ösdürmek üçin kioskyň açylyş dabarasy geçirildi.
28-nji iýunda bolan dabara LSSP-niň prezidenti Kaşif Anwar, LSSP-niň liderleri, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň ilçileri, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň hormatly konsullary, Lahoryň işewür toparlarynyň wekilleri we ýerli habar beriş serişdeleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, LSSP-iň başlygy Kaşif Anwar bu çäräni ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň bilelikdäki ýolundaky möhüm tapgyr diýip atlandyrdy.
Dabarada Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow Pakistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm potensialyna ünsi çekdi.
Kioskda sebitdäki ýurtlar we Merkezi Aziýa respublikalarynda bar bolan iş mümkinçilikleri barada çap edilen materiallar görkezilýär. Beýlekiler bilen bir hatarda, Bitarap Türkmenistanyň içerki we daşary syýasaty baradaky žurnallar, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet we hususy kompaniýalarynyň broşýuralary, olar baradaky maglumlatlar, şübhesiz, bu kiosky baýlaşdyrar.